25.04.2024 Söhbetdeşlik68 .

Täze ösüşlere badalga


Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň başlangyç synp hem taryh mugallymy Çemen Gurbanowanyň ady diňe bir mekdepde däl, eýsem, Mary şäherinde tejribeli mugallymlaryň hatarynda hormat bilen tutulýar. Çemen mugallym 2020-nji ýylda Mary şäherindäki H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, indi üç ýylyň dowamynda 4-nji “E” synp okuwçylaryna täzeçe işlemegiň işjeň usulynda bilim we terbiýe berip gelýär. Ol halypasy Orazgül Mommadowanyň göreldesine eýerip işleýär. Çemen sanlyja ýylda arzyly kärinde baý iş tejribe toplady. Halypa mugallymlaryň iş tejribesinden özüne sapak edinip, okuwçylarynyň sanly bilim ulgamynyň ösen tehnologiýalary bolan interaktiw tagtalarydyr komputerlerden ugur alyp, olaryň döwür bilen aýakdaş gitmeklerini, dünýägaraýyşlarynyň giň bolup, durnukly bilim almaklary barada baý iş tejribesinden peýdalanýar. Tejribeli mugallym şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýylyň-ýylynda ýeňiji bolup gelýär.

Golaýda Çemen Gurbanowanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, “Berkarar döwlet istärin” diýen at bilen geçiren synp sagady gyzykly hem täsirli geçdi. Mugallym sapakda sanly ulgamyň ösen tehnologiýalaryndan ugur aldy we Magtymguly Pyragy barada öz ýasan görkezme esbaplaryndan peýdalandy. Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligi barada hem okuwçylar bilen sorag-jogap alyşdy. Mugallym şahyryň goşgulary barada okuwçylara giň düşünje berdi. Muhammet Mekanow, Dawut Kakabaýew, Nurana Baýramowa, Melek Rahymowa we beýleki göreldeli okuwçylar synp sagadynda oňat çykyş etdiler.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 25.04.2024

Tmpedagog